Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçiren söwdalarynda içerki bazar üçin BND 60/90 görnüşli şepbeşik nebit ýol bitumynyň 60 müň tonnasy satyldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmen telekeçileri bir tonnasynyň bahasy 2500 manada deň bolan BND 60/90 görnüşli şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 150 million manada deň boldy.
Şeýle hem Owganystanly işewür jemi bahasy 1 million 12 müň 500 ABŞ dollaryna deň bolan TC-1 uçar kerosininiň 1,5 müň tonnasyny satyn aldy. Satylan bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 675 ABŞ dollaryna deň boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 137 million 11 müň 500 ABŞ dollaryna barabar boldy.