Gazagystan bilen Kanada sebitleýin magdan merkezini açmagy maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystan bilen Kanada sebitleýin magdan merkezini açmagy maslahatlaşdy
Astana magdan we metal kongresi, 2023-nji ýylyň 1-2-nji iýuny (Surat: astanatimes.com)

Kanadanyň iri kompaniýalaryndan ybarat bolan topar 1-2-nji iýunda geçirilen Astana magdan we metal kongresiniň çäginde gazak resmileri bilen ABŞ-Kanada sebitleýin magdan merkeziniň açylyşyny ara alyp maslahatlaşmak üçin Astana şäherine bardylar. Bu barada Gazagystanyň Kanadadaky ilçihanasyna salgylanyp, “Astana Times” gazeti sişenbe güni habar berdi.

Gazagystanyň dag-magdan pudagynda iş alyp barýan ABŞ-Kanada kompaniýalarynyň ýagny, “Cameco” korporasiýasynyň, “Hatch”, “Barrik Gold” “Arras Minerals”, “Nutrien”, “Teck Resources” we “B2Gold” ýaly kompaniýalaryň mümkinçiligine, hukuk binýadyna we hyzmatdaşlyk platformalaryna baha bermek üçin ýörite sessiýa geçirildi.

ABŞ-Kanada merkeziniň Gazagystanda we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda iş alyp barýanlara ýardam bermegine, şeýle hem Demirgazyk Amerikanyň kompaniýalary bilen Gazagystan hökümetiniň hem-de döwlet kärhanalarynyň arasynda göniden-göni gepleşikler üçin platforma bolup hyzmat etmegine garaşylýar.

Kanadaly işewürler Gazagystanda ýerasty baýlyklary özgertmek işlerine we hökümetiň geologiýa pudagyny ösdürmek ugrundaky tagallalaryna ünsi çekdiler. Şeýle hem olar Gazagystanyň ýerasty baýlyklarynyň doly mümkinçiliginde ulanylmaýandygyny aýdyp, baý tejribeleri we ösen tehnologiýalary bolan Kanadanyň kompaniýalarynyň bu işde goldaw berip biljekdiklerini bellediler.

2022