Türkmenistanda daşky gurşaw boýunça halkara ylmy maslahat geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda daşky gurşaw boýunça halkara ylmy maslahat geçiriler
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Aşgabat, Türkmenistan

“Turkmen Forum” HJ bilen Türkmenistanyň milli energiýa kompaniýalary penşenbe güni Aşgabatda ýerleşýän Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň daşky gurşaw taraplary” atly halkara ylmy maslahatyny geçirer. Ylmy maslahatyň esasy maksady uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek we energiýa geçiş döwründe zyňyndylaryň daşky gurşawa ýaýramagyny azaltmak bolar.

“Turkmen Forum” hojalyk jemgyýetiniň habaryna görä, halkara konferensiýa 20 ýurtdan 800-den gowrak wekiliýet gatnaşar.

Bu maslahat ýurduň nebit-gaz pudagynda ýüze çykýan daşky gurşaw meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen iri energiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalarynyň, akademiýalaryň we maliýe guramalarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksady bilen her ýyl geçirilýän çäredir.

Türkmenistan daşky gurşaw meselelerine, esasan hem nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmekde metanyň we onuň bilen baglanyşykly gaz zyňyndylarynyň azaldylmagyna aýratyn üns berýär. “Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny doly aradan aýyrmagy we öz maliýe çeşmeleriniň hasabyna we halkara guramalarynyň tehniki we maliýe goldawy bilen her ýyl zyňyndylary ep-esli azaltmagy meýilleşdirýär” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Glazgoda geçirilen BMG-niň COP26 sammitinde eden çykyşynda aýtdy.

Türkmenistan Merkezi Aziýada howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmegi, şeýle hem BMG-nyň Suw strategiýasyny we Aral deňzi üçin ýörite maksatnamasyny döretmek başlangyçlaryny teklip etdi.

Bu maslahata CNPC, BP, “Exxon Mobil”, “Petronas”, ADNOC, “Mitro International”, “Buried Hill”, NAPECO, “Dragon Oil”, ENI we “Lukoil” ýaly halkara kompaniýalarynyň wekilleri we Halkara Energetika Guramasy (IRENA), Global Gaz Merkezi, Gaz eksport edýän ýurtlar forumy, Nebit inženerler jemgyýeti, Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty ýaly halkara nebit we gaz guramalary gatnaşarlar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022