Halkara Pul Gaznasy (HPG) 9-njy iýunda Gazagystanyň Almaty şäherinde 17-nji mümkinçiligi ösdürmek merkezini açdy. Bu barada Gazagystanyň Milli bankyň metbugat gullugyna salgylanyp, “Astana Times” gazeti sişenbe güni habar berdi.
Täze açylan Merkezi Aziýa we Kawkaz merkezi (CCAMTAC) HPG-nyň sebitdäki dokuz ýurdunda ýagny, Ermenistanda, Azerbaýjanda, Gruziýada, Gazagystanda, Gyrgyz Respublikasynda, Mongoliýada, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda alyp barýan işlerini utgaşdyrar.
Merkeziň açylyş dabarasyna Gazagystanyň Milli bankynyň başlygy Galymžan Pirmatow, HPG-nyň dolandyryjy direktory Kristalina Georgiýewa, halkara maliýe guramalarynyň we diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de döwlet edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
“Biz dürli ykdysady mümkinçilikler we meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýan 100 milliona golaý adamdan ybarat bolan bu dürli we dinamiki sebitdäki agzalarymyza ýardam bermek üçin bu merkezi açýarys. Maliýe, pul syýasaty şeýle hem statistika ýaly ugurlarda CCAMTAC agzalara öz içine alyjy ösüşi goldaýan has güýçli syýasatlary we edaralary gurmaga kömek eder” diýip HPG-nyň dolandyryjy direktory Kristalina Georgiýewa merkeziň açylyş dabarasynda aýtdy.
“Astana Times” gazeti bilen geçirilen interwýuda Kristalina Georgiýewa 2022-nji ýylda Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetlerine kanagatlanma bildirdi. “Biz HPG-da gurluş özgertmeleriniň Merkezi Aziýanyň ykdysady önümçiligini ortaça 5-7 göterim ýokarlandyryp biljekdigine göz ýetirdik” diýip, HPG-nyň dolandyryjy direktory belledi.
Şeýle hem Kristalina Georgiýewa HPG-nyň sebite ykdysady taýdan dikelmegine kömek etmek üçin alyp barýan işlerine, şol sanda COVID-19-a tiz garşylyk görkezilmegine ünsi çekdi we HPG-niň sebite gyssagly maliýeleşdirmek üçin 800 million ABŞ dollarny berendigini belläp geçdi. Şeýle hem, ol Halkara Pul Gaznasy tarapyndan Gazagystana 1,6 milliard ABŞ dollaryna golaý ýörite pul karyz serişdelerini çekmek hukugynyň berlendigini aýtdy. Bu bölünişik ätiýaçlyklary artdyrar we ýurduň uly daşarky ätiýaçlyklaryny goldar.