Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini 70 ýaş doglan güni bilen gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini 70 ýaş doglan güni bilen gutlady
Hytaýyň Başlygy Si Szinpin (Surat: Los Angeles Times)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Başlygy Si Szinpine 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

“Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Hytaý Halk Respublikasy durmuş-ykdysady ösüşde uly üstünlikleri gazandy we häzirki wagtda döwrebap sosialistik döwleti gurmak ýolunda ynamly öňe barýar” diýip, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi.

Hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan, däbe öwrülen dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkitmäge Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň goşýan şahsy goşandyna Türkmenistanyň ýokary baha berýändigini belläp, Türkmenistanyň Prezidenti şu ýyl Pekin we Sian şäherlerinde mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugurlary babatda gazanylan ylalaşygyň durmuşa geçirilmeginiň halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Hytaýyň Başlygy Si Szinpine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ägirt uly maksatnamalary hem-de başlangyçlary durmuşa geçirmekde täze üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

2022