Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçiren söwdalarynda Owganystanyň we BAE-niň işewürleri dizel ýangyjynyň 42 müň tonnasyny satyn adylar. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.
TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan dizel ýangyjynyň bir tonnasynyň bahasy 585 ABŞ dollaryna deň bolup, baglaşylan geleşikleriň umumy möçberi 24 million 570 müň ABŞ dollaryna deň boldy.
Şeýle hem Owganystandan gelen işewür jemi bahasy 1 million 420 müň 500 ABŞ dollaryna barabar bolan TC-1 uçar kerosininiň 2 müň tonnasyny satyn aldy. Birža söwdalarynda satylan bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 710,25 ABŞ dollaryna barabar boldy.
Mundan başga-da, Azerbaýjanly telekeçi tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümlerini, Türkiýeli işewürler nah matalary, BAE-den gelen işewürler bolsa jins jalbarlary satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 1 million 762 müň 658,2 ABŞ dollaryna deň boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 18 million 307 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.