Türkmenistanda Derweze gaz kraterini söndürmek boýunça taslama taýýarlanyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Derweze gaz kraterini söndürmek boýunça taslama taýýarlanyldy
Derweze gaz krateri (Surat: elviajerofeliz.com)

Türkmenistanyň Garagum çölünde 50 ýyl mundan ozal buraw işleri geçirilen pursatynda garaşylmadyk tebigy hadysa sebäpli emele gelen Derweze gaz kraterini söndürmek boýunça taslama taýýarlanyldy. Bu barada “Türkmengaz” döwlet konserniniň tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň laboratoriýasynyň ýolbaşçysy Irina Lurýewanyň aýdanlaryna salgylanyp, TASS agentligi duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Garagum çölünde Derweze gaz kraterini söndürmek boýunça taslama tassyklama tapgyrynda.

“Biz taslamany taýýarladyk we onuň esasy manysy bu adatdan daşary guýuda gaz akymyny çäklendirmek bolup durýar. Häzirki wagtda bu taslama amaly durmuşa geçiriş tapgyrynda” diýip, Irina Lurýewa aýtdy.

Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň laboratoriýasynyň ýolbaşçysy tebigy hadysa sebäpli emele gelen meýdançanyň çylşyrymly geologiki gurluşa eýedigini belledi.

Ylmy-barlag institutynyň alymlary krateriň oduny söndürmek meselesini çözmegiň dürli görnüşlerini öwrendiler we ýeke-täk çözgüt hökmünde ähli gatlaklardan gaz alynjak meýdanyň golaýynda guýy burawlamaly diýen netijä geldiler.

Ýarym asyrdan bäri ody sönmeýän Derweze gaz krateri Aşgabatdan 266 kilometr daşlykda Merkezi Garagumda ýerleşýär. 1971-nji ýylda Sowet Soýuzynyň geologlary tarapyndan guýy burawlanmagy we gazuw-agtaryş işleriniň geçirilmegi esasynda gaz käniniň üstünden baryldy. Buraw işleri geçirilen pursatynda garaşylmadyk tebigy hadysa emele gelip, ol guýynyň çuňlugy 30 metre, diametri bolsa 60 metre barabar boldy. Geologlar gazdan zäherlenmegiň öňüni almak üçin ony ýakmak kararyna gelipdiler, emma ol ýerde ýakylan ot henize çenli ýanmagyny dowam etdirýär.

2022