TDEI-de täze goşmaça okuw binalary we umumy ýaşaýyş jaýlary gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDEI-de täze goşmaça okuw binalary we umumy ýaşaýyş jaýlary gurlar
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde 2000 orunlyk täze goşmaça okuw binalary we 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýlary gurlar.

Bu maksat bilen Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde goşmaça okuw binalaryny we umumy ýaşaýyş jaýlaryny hem-de institutyň golaýyndan geçýän aýlawly ýolda oturdyljak monumenti gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşik “Türkmenistan” gazetinde çarşenbe güni çap edildi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin isleg bildirýänleriň haýyşnamalary we teklipleri ministrligiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

“Türkmenistan” gazetinde çap edilen bäsleşige görä, haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 4-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

2022