Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda 12 sany täze ýaşaýyş jaýy açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda 12 sany täze ýaşaýyş jaýy açyldy
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasyndan bir pursat

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda çarşenbe güni 12 sany 4 gatly, 32 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýy açylyp ulanylmaga berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasyna Aşgabat şäheriniň we etraplarynyň häkimlikleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulylar, ýaşlar, Aşgabat şäheriniň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, dabaranyň dowamynda täze jaýlaryň öý eýelerine açarlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle hem bu jaýlaryň gurluşygynda tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Täze açylyp ulanylmaga berlen ýaşaýyş jaýlar daşky görnüşi, ýerleşişi we amatlylygy bilen tapawutlanýar.

2022