TDHÇMB-da çarşenbe güni 100 müň tonna karbamid satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da çarşenbe güni 100 müň tonna karbamid satyldy
BAE-niň we Owganystanyň işewürleri bir tonnasynyň bahasy 181 ABŞ dollaryna barabar bolan “B” kysymly karbamid satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni geçiren söwdalarynda 100 müň tonna karbamid satyldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

BAE-niň we Owganystanyň işewürleri bir tonnasynyň bahasy 181 ABŞ dollaryna barabar bolan “B” kysymly karbamid satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 18 million 100 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 2 million 632 müň 500 ABŞ dollaryna deň bolan dizel ýangyjynyň 4,5 müň tonnasyny satyn aldylar. TDHÇMB-da satylan bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 585 ABŞ dollaryna deň boldy.

Şeýle hem Türkiýeden gelen telekeçi ýüplük, BAE-niň işewüri bolsa nah flanel matasyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 603 müň 900 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 18 million 307 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

2022