Arkadag şäherinde “ýaşyl” tehnologiýalar boýunça halkara konferensiýa geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Arkadag şäherinde “ýaşyl” tehnologiýalar boýunça halkara konferensiýa geçiriler
Arkadag şäheri, Türkmenistan

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi 2023-nji ýylyň 2-nji iýulynda Arkadag şäherinde “Arkadag – akylly we ýaşyl tehnologiýalaryň şäheri” atly halkara konferensiýa gurnaýar.

Halkara konferensiýa Arkadag şäheriniň resmi açylyşynyň çäginde gibrid görnüşde geçiriler. Bu barada “Türkmenaragatnaşyk” agentligi habar berdi.

Arkadag şäherinde geçiriljek bu maslahat wekiliýetlere Türkmenistanyň aragatnaşyk, maglumat tehnologiýasy, sanlylaşdyrma we şäher gurluşyk pudaklaryndaky ýolbaşçylary bilen duşuşmaga hem-de pikir alyşmaga we teklipleri hödürlemäge mümkinçilik berer.

Guramaçylyk komiteti gatnaşyjylara kärhanalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, mümkinçilikleri öwrenmäge we maýa goýumlar üçin mümkin bolan ugurlary kesgitlemäge niýetlenilen platforma döreder.

2022