Hytaýyň Özbegistana ugradan ilkinji konteýner otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi. Bu barada “Uzdaily” internet neşiri duşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, öý enjamlary, sowadyjylar, geýim ýuwýan maşynlar we gaz peçleri ýüklenen 40 futlyk 39 sany konteýner otlusy Eýranyň çäginden hem geçdi.
Konteýnerler Hytaýdan deňiz arkaly “Bandar Abbas” portuna getirilýär we Eýranyň bu portundan demirýol arkaly Türkmenistanyň üsti bilen Özbegistana ugradylýar.
Özbegistan bilen Eýran ýakynda Özbegistan — Türkmenistan — Eýran üçtaraplaýyn multimodal ulag geçelgesini ösdürmek barada ylalaşyk gazandy.