Günorta Koreýa we Merkezi Aziýa: Durnukly gelejek üçin hyzmatdaşlyk

BIZNES TÜRKMENISTAN
Günorta Koreýa we Merkezi Aziýa: Durnukly gelejek üçin hyzmatdaşlyk
"Günorta Koreýa-Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygy" atly tegelek stol ýygnagy, Seul. Günorta Koreýa, 2023-nji ýylyň 23-nji iýuny (Surat: koreatimes.com)

Günorta Koreýanyň Busan şäherinde geçiriljek “World Expo 2030” sergisini öňe sürmek boýunça hereketleriň tamamlanýan tapgyrynda ýurt bu pursatdan peýdalanyp, global meseleleri çözmek we esasan hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy berkitmek isleýär. Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly ýurtlar baý çeşmeleri we ýaş hünärli işçi güýji bilen tanalýar we bu Koreýanyň geljegi üçin möhüm hasaplanylýar. Bu barada “The Korea Times” gazeti duşenbe güni habar berdi.

“The Korea Times” gazeti anna güni Koreýanyň Seul şäherinde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynyň (KCCI) merkezi binasynda Koreýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady ösüş, durnuklylyk we diplomatik gatnaşyklar barada pikir alyşmak üçin tegelek stol geçirdi. “The Korea Times” gazetiniň prezidenti Oh Young-jiniň ýolbaşçylygyndaky bu çärä “SK Supex Council” kompaniýasynyň geňeşiniň wise-prezidenti Park Hoon, KCCI-niň gözleg bölüminiň ýerine ýetiriji direktory Kang Seog-gu, Özbegistanyň Koreýadaky ilçisi Witaliý Fen, Gazagystanyň ilçihanasynyň geňeşçisi Timur Žaýkow we Gyrgyz Respublikasynyň wekili Sanžar Walibekow gatnaşdylar.

“SK Supex” kompaniýasynyň geňeşiniň wise-prezidenti Merkezi Aziýanyň Günorta Koreýa üçin hyzmatdaş hökmünde ähmiýetini nygtady we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çeşmeleriniň we Koreýanyň tehnologiýasy bilen maýasynyň birleşmegi özara güýçli hyzmatdaşlygy döredip biljekdigini aýtdy. Şeýle hem Park Hoon “SK Supex” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada mis gazyp almak we awtoulag ýollaryny gurmak ýaly dürli taslamalaryň üstünde işleýändigini aýtdy.

 Mundan başga-da, “SK Supex” kompaniýasynyň ýolbaşçysy çölleşmek, infrastruktura we täze şäherlerde “akylly şäher” başlangyçlaryna jogap hökmünde tokaýlary dikeltmek taslamalary ýaly hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlarynyň bardygyny aýtdy.

KCCI-niň gözleg bölüminiň ýerine ýetiriji direktory Merkezi Aziýanyň çeşmeleriniň, söwda we özara ösüş mümkinçilikleriniň Günorta Koreýanyň geljegi üçin ähmiýetlidigine ünsi çekdi.

“Deňagramly ykdysadyýete geçişde Merkezi Aziýa Koreýanyň çäkli çeşmelerini doldurmaga we hemişe üýtgeýän söwda gurşawynda iş alyp barmaga ýardam edip biler. Koreýanyň ösen tehnologiýasy we önümçilik başarnyklary bilen Merkezi Aziýanyň çeşmeleri birleşdirilen ýagdaýynda özara ösüş üçin mümkinçilik döräp biler'' diýip, Kang Seog-gu belledi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatlary tebigy baýlyklardan peýdalanmak bilen Koreýadan dürli ugurlara yzygiderli maýa goýumlarynyň zerurdygyny nygtadylar.

2022