Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde hem-de ähli welaýatlarynda Gurban baýramy bellenilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
“Gurban baýramy bütin dünýäde dogruçyllygy we päkligi ündeýän, agzybirligimizi, jebisligimizi dünýä ýaýýan, jemgyýetimizde ählumumy ruhubelentligi döredýän gadymy baýramdyr. Ynsan kalbynyň tämizligini dabaralandyrýan, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip gelinýän ynsanperwer häsiýetlerimiz, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz, ynanç-ygtykatlarymyz jemlenen bu baýramyň agzybirlik we jebislik ýörelgelerimiziň pugtalandyrylmagynda orny barha ýokarlanýar” diýip, Türkmenistanyň Döwlet Baştutanynyň gutlag hatynda aýdylýar.
“Baýram günlerinde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzy jebisleşdirýän, nesillerde ynsanperwerlik, watansöýüjilik duýgularyny kemala getirýän baý many-mazmunly dabaraly çäreleri geçirýäris” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.
Şeýle hem Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Palestinanyň Prezidentleri, Omanyň Soltany, Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Liwiýanyň Prezident geňeşiniň Başlygy Gurban baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdiler.