Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlar gelip gowuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Hususanda, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutladylar.

Şeýle hem Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň, Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň, Tatarystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Mintimer Şaýmiýewiň, Russiýanyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkiniň, Gazagystanyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň we Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Bergeriň adyndan gutlag hatlary gelip gowuşdy.

Olar öz gutlaglarynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, döwlet işlerinde täze üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw etdiler.

Mundan başga-da, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew, Gazagystanyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow, Tatarystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Mintimer Şaýmiýew türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 1957-nji ýylyň 29-njy iýunynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda doguldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýyl 66 ýaşaýar.
 

2022