Gurbanguly Berdimuhamedow haj parzyny ýerine ýetirmäge Saud Arabystany Patyşalygyna bardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow haj parzyny ýerine ýetirmäge Saud Arabystany Patyşalygyna bardy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Jidda şäherinde, 2023-nji ýylyň 29-njy iýuny, Saud Arabystany Patyşalygy (Surat: spa.gov.sa)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherine bardy. Bu barada Saud Arabystany Patyşalygynyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Patyşa Abdulaziz Halkara howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedowy Jidda şäheriniň häkimi şazada Saud bin Abdullah bin Jalawi we beýleki hökümet işgärleri garşy aldylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň çarşenbe güni habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 29-30-njy iýuny aralygynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalarynyň haj parzynyň däp-dessurlaryny ýerine ýetirmek üçin Saud Arabystany Patyşalygynyň Mekke şäherinde saparda boljakdyklary barada Buýruga gol çekdi.

Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti 2023-nji ýylyň haj möwsüminde 2 müň 312 sany türkmen raýatlaryny haj parzyny berjaý etmekleri üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ibermegi meýilleşdirýär. 

2022