Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna ýokary derejeli orden we medallar gowşuryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna ýokary derejeli orden we medallar gowşuryldy
Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirji Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa “Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin” atly medaly dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň “Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin” atly medaly, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türki medeniýetiň halkara guramasynyň iň ýokary sylagy bolan “TÜRKSOÝ” ordeni we Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň “Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin” medaly gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Arkadag şäheriniň açylyş dabaralaryna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirji Türkmenistanyň Döwlet Baştutanyna “Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin” atly medaly dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Türkmenistanyň Prezidenti abraýly düzümiň ýolbaşçysyny sahawatly türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, Ilýas Demirjä hem-de birleşigiň ähli agzalaryna bildirilen hormat üçin minnetdarlygyny beýan etdi we bu sylagy Türkmenistanyň binagärlik, inženerçilik, şäher gurluşygy babatda ýeten derejesine berlen ýokary baha hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Maslahat köşgünde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretarynyň, Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Türki medeniýetiň halkara guramasynyň iň ýokary sylagy bolan “TÜRKSOÝ” ordeni we Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň “Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin” medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýokary sylaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge ygrarlydygyny nygtady.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyr hem-de Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy.

2022