Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow

Mekge şäherinde haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygynda saparda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Özbek Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür we işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Özbegistanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini sanly çözgütler we iň täze tehnologiýalar ornaşdyrylan “akylly” Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagy bilen gutlady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mähirli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň köp ulgamlarda uly üstünlikleri gazanandygyny, halkara giňişliginde onuň abraýy barha artýandygyny, halkynyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny belläp, Özbek Liderine şu ýylyň 9-njy iýulynda geçiriljek Prezident saýlawlarynda üstünlik arzuw etdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň penşenbe güni Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni, Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi bilen mähirli gutlap, Prezident Wladimir Putiniň bu şanly sene mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi.

2022