Türkmenistanyň Arkadag şäherinde ýerleşýän Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphanada anna güni halkara media-forumy öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Foruma 30-dan gowrak agentlige wekilçilik edýän 17 ýurtdan 50 töweregi metbugat wekili gatnaşýar.
Habarda bellenilişi ýaly, media-forumynyň maksatnamasy Arkadag şäherine bagyşlanýar. Forumyň sessiýasynyň ilkinji mowzugy “Arkadag şäheri sebitdäki ilkinji “akylly” şäher” diýlip atlandyrylyp, onuň dowamynda Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirji, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Gurbanmyrat Mezilow we BMG-nyň ilatyň ýaşaýan ýerleri boýunça maksatnamasynyň hünärmeni (UN-HABITAT) Fundar Salwator çykyş etdiler.
Mundan başga-da, şol gün Arkadag şäheriniň saglyk bölüminiň binasynda “Arkadag şäheri sanly we akylly tehnologiýalaryň beýanydyr” atly halkara ylmy konferensiýanyň açylyşy boldy.
Konferensiýanyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow, Türkmenistanyň bilim ministri, halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň professorlary we mugallymlary çykyş etdiler.