Türkmen halkynyň Milli Lideri Mekge şäherinde Gurbanlyk sadakasyny berdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen halkynyň Milli Lideri Mekge şäherinde Gurbanlyk sadakasyny berdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mekge şäherindäki Al-Haram metjidinde Juma namazyny okady. (Surat: spa.gov.sa)

Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky türkmen wekiliýeti Mekge şäherindäki Al-Haram metjidinde Juma namazyny okady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Türkmenistanyň Milli Lideri bilen birlikde Juma namazyna duran türkmen wekiliýeti hem-de yerli dindarlar ýagşy doga-dilegleri we Türkmenistanyň Prezidentine jan saglyk, uzak ömür we türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, agzybirlik arzuw etdiler.

Sonra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saparynyň dowamynda Gurbanlyk sadakasyny berdi. Bu sadaka sapar bilen gelen türkmen wekiliýeti, şeýle-de häzirki wagtda mukaddes Käbede Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýakyndan ýardam bermeginde haj parzyny berjaý edip ýören ildeşlerimiz we ýerli dindarlar gatnaşdylar.

Sadakada tebärek çykylandan soňra milli tagamlarymyz çekildi, sadaka gatnaşýan adamlara hezzet-hormat edildi. Duz-tagam dadylansoň, aýat-töwir okalyp, onda Türkmenistanyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň mukaddes, keramatly ýerde berýän Gurbanlyk sadakasynyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagy, Türkmenistanyn Prezidentiniň alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi hem-de Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy, halklaryň abadançylygy, parahatçylygy dileg edildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň çarşenbe güni habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 29-30-njy iýuny aralygynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalarynyň haj parzynyň däp-dessurlaryny ýerine ýetirmek üçin Saud Arabystany Patyşalygynyň Mekke şäherinde saparda boljakdyklary barada Buýruga gol çekdi.
 

2022