Türkmenistanyň Prezidenti türk kärdeşine TOGG elektromobiller üçin minnetdarlyk bildirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti türk kärdeşine TOGG elektromobiller üçin minnetdarlyk bildirdi
Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynda TOGG elektrik awtoulaglarynyň gowşurylyşyndan bir pursat (Surat: Türkiýäniň senagat we tehnologiýalar ministrligi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we özüne toý sowgady hökmünde iberen, Türkiýäniň önümi bolan TOGG kysymly täze elektromobiller üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygynyň doglan gününde we “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň geçirilýän pursatlarynda täze ulaglaryň açarlarynyň gowşurylmagynyň şanly wakanyň şatlygyny has-da artdyrandygyny belledi.

Türkiýäniň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin Türkmenistanyň Döwlet Baştutanyna sagbolsun aýdyp, Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagy, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň doglan güni bilen gutlady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak esasynda ýola goýulýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki derejesine ýokary baha berildi. Şeýle-de iki ýurduň hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge we olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ygrarlydygy tassyklanyldy.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Türkiýäniň halklaryna ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan Gurban baýramy mynasybetli gutlaglaryny aýtdylar hem-de mukaddes günlerde beriljek sadakalaryň, doga-dilegleriň kabul bolmagyny dileg etdiler.

2022