Aşgabatda ilata 3,5 müňden gowrak boş iş orunlary hödürlenildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda ilata 3,5 müňden gowrak boş iş orunlary hödürlenildi
Boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresinden bir pursat, 2023-nji ýylyň 5-nji iýuly, Aşgabat, Türkmenistan

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) edara-binasynda çarşenbe güni geçirilen boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresinde 3748 sany boş iş orunlary hödürlenildi.

Bu çäre Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Büzmeýin etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde gurnaldy.

Türkmenistanyň kärhanalarynyň, guramalarynyň, edaralarynyň wekilleri, hususy telekeçiler hem-de Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary bu çärä gatnaşdylar.

Boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi ýylda dört gezek geçirilip, bu gezeki çärä döwlete we hususy ulgama degişli 92 sany edaralardyr kärhanalar özleriniň boş iş orunlaryny ilata teklip etdiler.

Iş gözleýänler üçin birnäçe edara kärhanalar, şol sanda “Weli-gurluşyk” hususy kärhanasy 30 sany, “Daýhan” hususy kärhanasy 9 sany, “Arzuwly” hojalyk jemgyýeti 38 sany, “Gala-Arslan” hojalyk jemgyýeti 108 sany we “Bahar” tikin önümçilik birleşigi 83 sany boş iş ýerini hödürleýärler.

2022