Hytaýyň iň uly integrirlenen logistika kompaniýasy bolan “Sinotrans” Hytaýyň Şenžen şäherini Gazagystanyň Almaty şäheri bilen birikdirýän we uzynlygy 5200 kilometre deň bolan TIR ugruny işe girizdi. Bu ugur serhet üstaşyr amallaryny ýönekeýleşdirmegi, çykdajylary we üstaşyr geçmegiň wagtyny azaltmagy maksat edinýär. Bu barada Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi (IRU) çarşenbe güni habar berdi.
Elektron önümleri daşaýan “Sinotrans” kompaniýasynyň ýük awtoulagy Hytaýdan Dulata-Kolžat serhet geçelgesinden çykyp, Almaty şäherine tarap ugrady. Şenžen şäherinde TIR-iň işe girizilmegi serhet üstaşyr amallarynyň has netijeli bolmagyny üpjün eder we harytlary serhet nokatlaryndan daşamak üçin gerek bolýan wagty we çykdaýjyny azaldar.
“Bu täze ýoluň açylmagy Hytaýyň esasy önümçilik we halkara söwda merkezi bolan Şenžen şäherini Merkezi Aziýanyň ösýän bazary bilen birleşdirýän göni söwda zolagy bolup durýar” diýip, IRU-nyň TIR we üstaşyr hyzmatlarynyň müdiri Tatýana Reý-Belle Şenžende geçirilen açylyş dabarada aýtdy.
Täze TIR ugry geçen aý Hytaýyň Sian şäheri bilen Gazagystanyň Dostyk şäherçesiniň arasynda ýola goýulan Hytaý-Gazagystan TIR ugrundan soňra işe girizilen ulag geçelgesidir. Sian-Dostyk ugrundaky ilkinji ýük daşama IRU-nyň, ýerli hökümetleriň we gümrük edaralarynyň goldawy bilen “Sinotrans” kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy.
“Sinotrans” kompaniýasy bu başlangyçlaryň çäklerinde gara ýol boýunça ulag işini beýleki täze geçelgelerde hem giňden ýaýbaňlandyrmagy meýilleşdirýär. Kompaniýanyň serhet üstaşyr amallaryny ýönekeýleşdirmek we çykdajylary azaltmak boýunça edýän tagallalarynyň Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwdany we sebitdäki ykdysady ösüşi ýokarlandyrmagyna garaşylýar.