TDHÇMB-da çarşenbe güni eksport geleşikleri $24,8 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da çarşenbe güni eksport geleşikleri $24,8 milliondan geçdi
Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 22 million 960 müň ABŞ dollaryna deň bolan ECO-93 görnüşli awtoulag benzinini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) çarşenbe güni daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň umumy möçberi 24 million 805 müň 880 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna jemi bahasy 22 million 960 müň ABŞ dollaryna deň bolan ECO-93 görnüşli awtoulag benzininiň 35 müň tonnasyny satyn aldylar. Söwdalarda satylan bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 656 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Şeýle hem Owganystandan gelen telekeçiler 1 müň tonna suwuklandyrylan gaz we 2,5 müň tonna dizel ýangyjyny satyn aldylar. TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan dizel ýangyjynyň bir tonnasynyň bahasy 585 ABŞ dollaryna, suwuklandyrylan gazyň tonnasynyň bahasy bolsa 335,2 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Bulardan başga-da, Gyrgyz Respublikasyndan gelen işewür jemi bahasy 44 müň 180 ABŞ dollaryna deň bolan jinsi jalbarlaryny satyn aldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 3 million 608 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

2022