Merkezi Aziýa ýurtlarynyň modelýerleri 30-njy iýuldan 1-nji awgust aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçiriljek “Central Asia Fashion” sergisine we moda görkezilişine gatnaşarlar. Bu barada “PROfashion” žurnaly çarşenbe güni habar berdi.
Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Russiýanyň, Belarus Respublikasynyň, Ukrainanyň, Sloweniýanyň, Polşanyň, Moldowanyň, Eýranyň we Hytaýyň dizaýnerleri öz işlerini “Central Asia Fashion” sergisinde hödürlärler.
Sergide moda önümleriniň 40 topary, şol sanda aýallara, erkeklere, çagalara hem-de dabaralara niýetlenen lybaslar we aýakgaplar görkeziler.
“Central Asia Fashion” sergisiniň esasy wezipesi iki tarap üçin hem egin-eşikleri, aýakgaplary we esbaplary göni we amatly bahadan satmak üçin platforma döretmekden ybaratdyr. Döredilenine on bäş ýyl bolan “Central Asia Fashion” sergisi Merkezi Aziýa ýurtlarynda moda işiniň wekilleri üçin iň möhüm wakalaryň birine öwrüldi.