Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän täze orunbasaryny belledi. Bu wezipä Taňryguly Rejepgulyýewiç Atahallyýew bellenildi we ol Balkan welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Rejepgulyýewiç Atahallyýew Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň Türkmenistandan agzasy edilip bellenildi.
Şeýle hem Annageldi Orazberdiýewiç Ýazmyradow saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden, şeýle hem Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň Türkmenistandan agzalygyndan boşadyldy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Balkan welaýatynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýewiň üstüne ýüklenildi.
Mejlisiň dowamyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän täze orunbasary özüne bildirilen uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, ýurduň oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy. Şeýle-de Taňryguly Atahallyýew Balkan welaýatynyň gallaçylarynyň döwlete bugdaý tabşyrmak barada meýilnamany üstünlikli berjaý edendiklerini aýtdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.