Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) anna güni daşary ýurt puluna geçirilen söwdalarda suwuklandyrylan gaz, dizel ýangyjy, ýüplük we nah mata satyldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.
Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna jemi bahasy 3 million 329 müň 500 ABŞ dollaryna deň bolan dizel ýangyjynyň 3 müň tonnasyny, suwuklandyrylan gazyň bolsa 5 müň tonnasyny satyn aldylar.
Şeýle hem Azerbaýjanly telekeçi nah mata önümlerini, Türkiýeli işewürler bolsa ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 447 müň 945,3375 ABŞ dollaryna deň boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 3 million 608 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.