Şawkat Mirziýoýew Özbegistanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Şawkat Mirziýoýew Özbegistanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy
Özbegistanyň gaýtadan saýlanylan Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, 2023-nji ýylyň 9-njy iýuly, Daşkent, Özbegistan (Surat: sabah.com)

Özbegistanyň häzirki Prezidenti Şawkat Mirziýoýew saýlawçylaryň 87,5 göteriminiň ses bermegi bilen ýekşenbe güni geçirilen nobatdan daşary Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Bu barada Özbegistanyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýewiň aýdanlaryna salgylanyp, “Interfaks” agentligi duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, "Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini saýlamak barada" kanunyň 35-nji maddasyna laýyklykda, Şawkat Mirziýoýewe saýlanan Döwlet Baştutany hökmünde garamak hukugy berilýär.

Şawkat Mirziýoýew 2016-njy ýylyň dekabrynda 1989-njy ýyldan bäri Özbegistana ýolbaşçylyk eden ýurduň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň aradan çykmagy bilen geçirilen gyssagly Prezident saýlawlarynda saýlandy.

2021-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen Özbegistanyň Prezident saýlawlarynda Şawkat Mirziýoýew saýlawçylaryň umumy sesleriniň 80,12 göterimini alyp, ýeňiş gazandy. Şeýle hem Özbegistanda 2021-nji ýylyň aprelinde Konstitusiýany üýtgetmek, şol sanda Özbegistanyň Prezidentiniň ygtyýarlyk möhletini bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaltmak üçin referendum geçirildi we teklip edilýän üýtgetmeler saýlawçylaryň 90,2 göterimi tarapyndan goldanyldy.

Şu ýylyň maý aýynyň başynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurduň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmelere laýyklykda, nobatdan daşary Prezident saýlawlaryny geçirmek barada Karara gol çekdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022