Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti kärdeşi Şawkat Mirziýoýewi Özbegistanda geçirilen nobatdan daşary Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňişi bilen gutlady. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň resmi mebugat gullugy duşenbe güni habar berdi.
Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda iki Döwletiň Baştutanlary Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem Türkmenistan bilen Özbegistanyň Prezidentleri hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we amaly hyzmatdaşlygyň taslamalaryny öňe sürmegiň möhümdigini bellediler.
Mundan başga-da, söhbetdeşligiň dowamynda ýurtlaryň arasyndaky söwdanyň durnukly ösüş depgini aýratyn bellendi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Şawkat Mirziýoýewi Özbegistanyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy bilen gutlady we özbek halkyna abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
Özbegistanyň häzirki Prezidenti Şawkat Mirziýoýew saýlawçylaryň 87,5 göteriminiň ses bermegi bilen ýekşenbe güni geçirilen nobatdan daşary Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy.