Yrak Türkmenistandan tebigy gaz import etmek mümkinçiliklerini öwrenýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Yrak Türkmenistandan tebigy gaz import etmek mümkinçiliklerini öwrenýär
Yragyň Premýer-ministri Muhammed Şia al-Sudani ýurduň energiýa pudagyndaky resmileri bilen geçiren duşuşygynda (Surat: Yragyň Premýer-ministriniň metbugat gullugy)

Yragyň Premýer-ministri Muhammed Şia al-Sudani ýurda gaz import etmegiň alternatiwalaryny öwrenmek maksady bilen duşenbe güni duşuşyk geçirdi we Türkmenistandan tebigy gaz import etmek mümkinçiliklerine garady. Bu barada Yragyň Premýer-ministriniň aýdanlaryna salgylanyp, “IraqiNews” habarlar gullugy sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Yragyň elektrik energiýa bolan islegini kanagatlandyrmak üçin ýurda has köp tebigy gaz gerek. Häzirki wagtda Yragyň hökümeti ýurt üçin iň ýokary dereje bolup biljek 26,000 megawat elektrik energiýasyny öndürmek boýunça işleri alyp barýar.

Yragyň içerki gaz önümçiligini artdyrmak boýunça alyp barýan işlerine we Eýrandan gaz importyna garamazdan, Yragyň Premýer-ministri ýurduň hökümetine beýleki alternatiwalary öwrenmegi we Türkmenistan bilen Katardan gaz importynyň üstünde işlemegi dowam etdirmegi tabşyrdy.

Yragyň Premýer-ministri Muhammed Şia al-Sudani ýurduň Nebit ministrligine energiýa ätiýaçlyklaryny ösdürmek üçin daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegi tabşyrdy we gün energiýasyny öndürmek taslamalarynyň tamamlanmagyny tizleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Türkmenistan bilen Yragyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 2009-njy ýylda ýola goýuldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, Türkmenistan bilen Yragyň arasynda 2017-nji ýylyň 25-nji iýulynda syýasy geňeşmeler geçirildi we onuň dowamynda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary we energetika pudagyny ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022