“Commonwealth of Fashion” GDA ýurtlarynyň moda hünärmenlerini bir ýere jemlär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Commonwealth of Fashion” GDA ýurtlarynyň moda hünärmenlerini bir ýere jemlär
“Commonwealth of Fashion” atly halkara forum, 2022-nji ýylyň 19-njy oktýabry, Sankt-Peterburg, Russiýa (Surat: iacis.ru)

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň Sungat köşgünde (Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň ştab-kwartirasy) şu ýylyň 9-10-njy noýabrynda “Commonwealth of Fashion” (Moda arkalaşygy) atly ikinji halkara forum geçiriler. Bu barada GDA-a gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň web sahypasynda geçen hepdäniň penşenbe güni habar berildi.

Bu çäre GDA ýurtlarynyň ýeňil senagatynyň we moda pudagynyň wekillerini, degişli ministrlikleri we bölümleri, şeýle hem bilim edaralaryny bir ýere jemlär.

Forum iki gün dowam edip, onuň iş maksatnamasyna laýyklykda ýigrimi sany tegelek stol geçiriler.

Şeýle hem ekspozisiýa önümçilik kompaniýalaryň gatnaşmagy we iki sany moda sergisinde GDA ýurtlarynyň meşhur dizaýnerleriniň lybaslarynyň görkezilmegi meýilleşdirilýär.

Bu forum ykdysadyýet, önümçilik, dizaýn, hünärmenler we medeni däp-dessurlar ýaly esasy pudaklaryň möhüm meselelerine bagyşlanylar.

Ilkinji “Commonwealth of Fashion” atly halkara forum 2022-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda geçirildi. Bu çärä Ermenistanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýeňil senagat we moda pudagynyň, degişli ministrlikleriniň we işewür birleşikleriniň, bilim edaralarynyň we döredijilik pudaklarynyň wekillerinden ybarat bolan takmynan 700 adam gatnaşdy.

2022