Türkmenistanyň Prezidenti fransuz kärdeşini Bastiliýa güni bilen gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti fransuz kärdeşini Bastiliýa güni bilen gutlady
Bastiliýa güni mynasybetli geçirilýän harby ýörişden bir pursat, 2022-nji ýylyň 14-nji iýuly, Pariž, Fransiýa (Surat: Fransiýanyň Los-Anjelesdaky konsullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrona ýurduň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany şu mümkinçilikden peýdalanyp, fransuz kärdeşi Emmanuel Makrona tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Fransiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdi.

TASS agentliginiň habar bermegine görä, Fransiýanyň Milli güni mynasybetli anna güni Parižde ýerleşýän Eliseý meýdançasynda Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň gatnaşmagynda harby ýöriş geçiriler.

Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 6-njy martynda ýola goýuldy.

2022