Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni daşary ýurt puluna geçirilen söwdalarynda dizel ýangyjy, taýýar düşekçe toplumy we nah ýüplük satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 10 million 820 müň 920,71 ABŞ dollaryna deň boldy.
Owganystanyň we BAE-niň işewürleri bir tonnasynyň bahasy 586 ABŞ dollaryna deň bolan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 10 million 255 müň 250 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada TDHÇMB-nyň metbugat gullugy habar berdi.
Şeýle hem Türkiýeden gelen telekeçiler umumy bahasy 328 müň 920,71 ABŞ dollaryna deň bolan taýýar düşekje toplumyny, BAE-den gelen işewürler bolsa jemi bahasy 237 müň ABŞ dollaryna barabar bolan nah ýüplügini satyn aldylar.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 42 million 300 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.