Eýran bilen Owganystanyň resmileriniň gatnaşmagynda sişenbe güni iki ýurdy birleşdirýän demirýoluň strategiki şahasy işe girizildi. Bu barada “Tehran Times” gazeti çarşenbe güni habar berdi.
2007-2008-nji ýyllarda başy başlanan we 222 kilometre uzaýan Haf- Hyrat demirýol taslamasy Eýranyň gündogaryndaky Haf şäherini Owganystanyň günbatar şäheri bolan Gorýan bilen birleşdirer. Bu ýol Hytaýdan, Özbegistandan, Owganystandan we Türkiýeden geçip, Ýewropa barýan we 2000 kilometra uzaýan “Gündogar-Günbatar” demir ýolunyň bir bölegidir.
Bu demirýol Owganystana Eýranyň demirgazygynda ýerleşýän portlaryň üsti bilen açyk deňize çykmaga mümkinçilik berýär. Bu demirýol taslamasy Owganystan bilen söwda alyş-çalşyny giňeltmek maksady bilen Eýranyň Çabahar portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak barada Eýranyň, Owganystanyň we Hindistanyň arasyndaky üçtaraplaýyn şertnama esasynda durmuşa geçirildi.
Demirýoluň açylmagy Eýran bilen Owganystanyň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim bolup durýar. Şeýle hem ol sebitara gatnaşyklary ösdürip, Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda harytlaryň daşalmagyny ýeňilleşdirer diýlip garaşylýar.
Owganystanyň Ykdysady işler boýunça wise-premýeriniň edarasynyň 1-nji maýda ýaýradan beýanatyna görä, Owganystan Russiýa bilen Merkezi Aziýany Günorta Aziýa, şeýle hem Owganystany Eýran bilen birleşdirýän Moskwa bilen Nýu-Deliniň arasynda uly göwrümli demirýol ulgamyny gurmagy meýilleşdirýär.