Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýola ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde, adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de giň möçberli weýrançylyklara getiren suw joşgunlary zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýola we Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde, adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de giň möçberli weýrançylyklara getiren suw joşgunlary zerarly gynanç hatyny iberdi.
Günorta Koreanyň “Yonhap” agentliginiň ýurduň resmilerine salgylanyp beren habaryna görä, ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde emele gelen suw joşgunlary zerarly wepat bolanlaryň ýa-da dereksiz ýitenleriň sany 50-ä ýetdi.