Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Saud Arabystany Patyşalygyna bardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Saud Arabystany Patyşalygyna bardy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Jidda şäheriniň Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menzilinde Saudy Arabystanynyň resmi wekilleri tarapyndan garşy alnan pursady (Surat: arabnews.com)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş sapary bilen bardy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Aşgabat Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçihanasynyň wekiliniň arasynda bolan söhbetdeşlikde ähli ugurlar boýunça okgunly ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dostlukly häsiýete eýedigi nygtaldy.

Jidda şäheriniň Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Döwlet Baştutanyny resmi adamlar mähirli garşyladylar. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň Saud Arabystany Patyşalygynyň resmi wekili bilen söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi hem-de iki ýurduň dostlukly gatnaşyklary we uly kuwwata eýe bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga çalyşýandygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň mukaddes topragynda mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, onuň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga mundan beýläk-de ýardam bermäge taýýardygyny belledi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň çäklerinde 19-njy iýulda geçiriljek Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň maslahatyna gatnaşar. Onuň gün tertibine sebit derejesinde döwletara gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri giriziler.

2022