Türkmenistanyň Prezidenti AHG-nyň döwletleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak başlangyçlaryny teklip etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti AHG-nyň döwletleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak başlangyçlaryny teklip etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” sammitinde, Saud Arabystany Patyşalygy (Surat: Arab News)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Jidde şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” sammitinde Merkezi Aziýa bilen Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň (AHG) döwletleriniň arasyndaky ykdysady, medeni we sport gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany sammitiň dowamynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa bilen Aýlagdaky arap döwletleriniň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti iki sebitiň arasynda medeni we daşky gurşaw hyzmatdaşlygy üçin platforma döretmegi we sport hyzmatdaşlygyny ösdürmegi teklip etdi.

Şeýle-de ulag ulgamynda tagallalary utgaşdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýurtlarynyň Ulag komitetini döretmegi teklip etdi. Mundan başga-da Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň döwletleriniň baý energiýa çeşmelerine we olary gaýtadan işlemek üçin kuwwatly önümçilik desgalara eýe bolandygyny belläp, energiýa pudagyna aýratyn üns çekdi. “Energetika pudagynda bilelikdäki hereketleriň mümkinçiliklerini seljermek we maslahat bermek işlerini alyp barjak Energetika boýunça bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip edýäris” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz çykyşyna belledi.

Sammitiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa we Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň arasyndaky söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň zerur bolup durýandygyny belläp, iki sebitiň arasynda söwda palatasyny döretmegi we 2024-nji ýylda Türkmenistanda birinji maýa goýum forumyny geçirmegi hödürledi.

Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany 2025-nji ýylda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň döwletleriniň Lukmançylyk kongresini geçirmegi teklip etýändigini aýtdy.

“Saudi press” agentliginiň habaryna görä, “Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň şazadasy Mohammad bin Salman bilen duşuşdy.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022