Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow (çepde) bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saudyň (sagda) arasyndaky duşuşyk, 19-njy iýul, Jidde, Saud Arabystany

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde çarşenbe güni ýurduň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirip, bu çäräniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň köptaraplaýyn görnüşde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy we Aýlagyň hem-de Merkezi Aziýanyň döwletleriniň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagynyň binýadyny goýan şu gezekki sammitiň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 19-njy iýulda Jidde şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” sammitinde eden çykyşynda Merkezi Aziýa bilen Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň (AHG) döwletleriniň arasyndaky ykdysady, medeni we sport gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga çagyrdy.

2022