TDHÇMB-da çarşenbe güni eksport geleşikleri $53 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da çarşenbe güni eksport geleşikleri $53 milliondan geçdi
TDHÇMB-de geçirilýän söwdalardan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) çarşenbe güni daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň umumy möçberi 53 million 17 müň 175 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

BAE-den, Maltadan, Britan Wirgin adalaryndan gelen telekeçiler daşary ýurt walýutasyna az kükürtli ýakyş mazudynyň 100 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 40 million 350 müň ABŞ dollaryna , önümiň bir tonnasynyň bahasy bolsa 403,5 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Şeýle hem Owganystanyň we BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri bir tonnasynyň bahasy 248 ABŞ dollaryna deň bolan “B” kysymly karbamidiň 16 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 3 million 968 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Bulardan başga-da, BAE-den, Owganystandan gelen telekeçiler jemi bahasy 8 million 699 müň 175 ABŞ dollaryna barabar bolan A-92 kysymly awtoulag benzininiň 12 müň 300 tonnasyny satyn aldylar. Söwdalarda satylan bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 707,25 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 27 million 372 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

2022