Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Koreýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Koreýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Günorta Koreýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýonyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 21-nji iýuly, Aşgabat

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Aşgabat şäherinde öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Günorta Koreýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony kabul etdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Günorta Koreýa bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini we ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Günorta Koreýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygy özüne ýokary sylagyň — “Bitaraplyk” ordeniniň berlendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, netijeli türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigini belläp geçdi.

Türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik ulgamda, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň alyp barýan ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulandygy bellenildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin häsiýete eýedigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Günorta Koreýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Şeýle hem Türkmenistana resmi saparyň çäklerinde Günorta Koreýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo hem-de onuň ýanyndaky wekiliýet üçin Arkadag şäherine hem-de Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenç guraldy.

2022