Serdar Berdimuhamedow Iordaniýanyň Patyşasyny sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy

BT
Serdar Berdimuhamedow Iordaniýanyň Patyşasyny sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Iordaniýanyň Patyşasy Abdulla II ibn Al-Huseýniň Astanadaky duşuşygy, 2026-njy ýylyň 6-njy noýabry (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astana şäherine iş saparynyň çäginde Iordaniýanyň Patyşasy Abdulla II ibn Al-Huseýn bilen duşuşyp, özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Iordaniýanyň Patyşasy çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, bu duşuşygyň döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge netijeli itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşyk anna güni howpsuzlyk ulgamynda emeli aňyň ulanylmagy boýunça Akaba prosesiniň çäklerinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitiniň çäklerinde geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen Iordaniýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýetini belläp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Iordaniýa bilen deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Iordaniýa bilen hyzmatdaşlygy özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça BMG-niň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde dowam etdirmäge, şeýle hem parahatçylygy, ynanyşmagy we durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary goldamaga taýýardygyny nygtady.

Duşuşykda emeli aň tehnologiýalaryny howpsuz we jogapkärçilikli ulanmak meselelerine aýratyn üns berlip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany Akaba prosesiniň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň we döwletleriň tagallalaryny utgaşdyrmagyň möhümdigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow bilen Abdulla II ibn Al-Huseýn biri-birine berk jan saglyk we döwlet işlerinde uly üstünlikleri, iki ýurduň halklaryna bolsa abadançylyk arzuw etdiler.

2022
ENG TM РУС