Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentiligi ýekşenbe güni habar berdi.
“Siziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasatyňyz netijesinde, Özbegistan Respublikasy ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Häzirki wagtda Özbegistanda halkyň durmuş derejesini, ýurduň dünýä ýüzündäki abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar” diýip, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany gutlag hatynda nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk, hormat goýmak, özara goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýandygyny belledi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti bilelikdäki tagallalar esasynda döwletara gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirip, Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işinde üstünlik, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.