Daşary ýurtly işewürler karbamid satyn almak barada geleşik baglaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşary ýurtly işewürler karbamid satyn almak barada geleşik baglaşdylar
Ýükleriň düşürilip duran pursady

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) duşenbe güni daşary ýurt puluna geçirilen söwdalarda “B” kysymly karbamid satyldy. Bu barada TDHÇMB-nyň metbugat gullugy habar berdi.

Daşary ýurtly işewürler “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen umumy bahasy 6 million 204 müň ABŞ dollaryna deň bolan “B” kysymly karbamidi satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.  

TDHÇMB-nyň söwdalarynda “B” kysymly karbamidiň bir tonnasy “Argus” bahasyndan, 76 ABŞ dollaryna barabar arzanladyş bilen satyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 77 million 195 müň 300 ABŞ dollaryna deň boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

2022