BMG: Türkmenistan Merkezi Aziýada Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmegi teklip eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
BMG: Türkmenistan Merkezi Aziýada Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmegi teklip eder
Türkmen wekiliýeti Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli forumda, 17-nji iýul, BMG-nyň ştab-kwartirasy, Nýu-Ýork, ABŞ (Surat: Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasy)

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçiriljek nobatdaky 78-nji sessiýasynda Merkezi Aziýada hemişelik esasda hereket edýän Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmegi teklip eder diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek bilen bir hatarda onuň ilkinji duşuşygyny 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmek teklip ediler.

Şeýle hem mejlisiň dowamynda wise-premýer BMG-niň binýadynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň halkara maslahatyny 2024-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda geçirmek teklip ediljekdigini we Aşgabat şäherinde Bitaraplyk we howpsuzlyk institutyny döretmek mümkinçiligini öwrenmäge girişiljekdigini habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçiriljek sessiýasynda ählumumy metan borçnamasynyň çäklerindäki tagallalara goşant hökmünde türkmen tarapy BMG-niň howandarlygynda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ählumumy Strategiýany işläp düzmek, şeýle hem “Hazar ekologik başlangyjy” we baş edarasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw serişdelerinden peýdalanmagyň meseleleri boýunça BMG-niň Geňeşini döretmek baradaky teklipleri beýan eder.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022