Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna ýurtdaky partlama zerarly gynanç bildirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna ýurtdaky partlama zerarly gynanç bildirdi
Pakistanda bolup geçen partlamanyň netijesinde ýaralananlary tiz kömegiň alyp barýan pursady, 2023-nji ýylyň 30-njy iýuly, Kar şäheri, Pakistan (Surat: aawsat.com)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň Prezidenti Arif Alwä we Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurduň Bajaur etrabynyň Kar şäherinde bolup geçen partlamanyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, Türkmenistanyň Döwlet Baştutanynyň gynanç hatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna türkmen halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

“Anadolu” agentliginiň habaryna görä, Pakistanyň Bajaur etrabynyň Kar şäherinde 30-njy iýulda partlama bolup geçdi we partlama zerarly wepat bolanlaryň sany 54-e, ýaralanlaryň sany bolsa 200-e ýetdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022