Döwlet serhediniň meseleleri boýunça türkmen-özbek Hökümetara toparynyň türkmen bölegi tassyklanyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Döwlet serhediniň meseleleri boýunça türkmen-özbek Hökümetara toparynyň türkmen bölegi tassyklanyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen duşuşyk, 2022-nji ýylyň 21-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: president.uz)

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we ony ýerinde bellemek meseleleri boýunça bilelikdäki Türkmen-özbek hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni degişli Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu resminama Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we ony ýerinde bellemek bilen baglanyşykly meselelere seretmek maksady bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 21-nji iýulda gol çeken Kararyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynda ýerleşýän türkmen-özbek serhetýaka zolagyndaky Söwda merkeziniň gurluşygy 2023-nji ýylyň iýul aýynda başlanar we 2025-nji ýylyň iýul aýynda ulanmaga doly taýýar edip berler.

2022