Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Özbegistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Özbegistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 4-nji awgusty, Aşgabat (Suratlar: president.uz)

Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Şawkat Mirziýoýewi mähirli garşylap, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň doganlyk Türkmenistana gelmek hakyndaky çakylygyny kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow geçiriljek gepleşikleriň ýokary derejä eýe boljakdygyny we syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda üçtaraplaýyn – Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde pikir alyşmalar üçin gowy mümkinçiligiň dörejekdigine ynam bildirdi.

Soňra Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin gelen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistana gelmek hakyndaky çakylygyny kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň häzirki ýagadaýy we ony mundan beýläk hem giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aşgabat şäherinde anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçiriler.

Surat: President.tj

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022