Türkmenistanda gymmatly kagyzlaryň emissiýasy nähili amala aşyrylýar?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda gymmatly kagyzlaryň emissiýasy nähili amala aşyrylýar?
"Aşgabat gazna biržasy" ÝGPJ-de geçirilýän hünär okuwyndan bir pursat

Kompaniýalara täze önüm çykarmaga, üpjünçiligiň geografiýasyny giňeltmäge ýa-da önümçiligi döwrebaplaşdyrmaga köplenç goşmaça maliýeleşdirme gerek bolýar. Maliýe serişdelerini çekmegiň bir usuly gymmatly kagyzlary çykarmak we gazna biržasynyň üsti bilen maýadarlary gözlemek bolup durýar. Gazna biržasy gymmatly kagyzlaryň söwdasyny alyp barmak, maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmek we eksporty işjeňleşdirmek üçin döredildi.

Kiçi we orta kärhanalar bankdan karz alyp bilerler. Emma käbir ýagdaýlarda paýnamalary ýa-da obligasiýalary çykarmak has girdejili bolup durýar.

Paýnamalary çykarýan kompaniýa maýa goýujylara öz kompaniýasynyň paýyny hödürleýär. Paýdarlar adatça girdejiniň bir bölegi bolan diwidendlere bil baglap bilerler. Kompaniýa maýa goýujylara girdeji kepillendirmeýär, emma maýa goýujylar kärhananyň ýa-da işiň paýdaşlary bolýarlar we olar bu ýerde alnyp barylýan işlere täsir etmäge hukuklary bardyr.

Obligasiýalar gymmatly karz kagyzlary bolup durýar. Kompaniýa obligasiýa çykarmak bilen maýadarlardan karz alyp, onuň öwezine bolsa göterimleri (kupon girdejisi) tölemek jogapkärçiligini öz üstüne alýar. Bu usulyň artykmaçlygy karzdan tapawutlylykda, kompaniýa obligasiýa satyn alyjylaryna näçe we nähili ýyglykda töleg tölemäge taýýardygyny özi kesgitleýär.

"Aşgabat gazna biržasy" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (ÝGPJ) düzgünlerine laýyklykda gymmatly kagyzlaryň emissiýasy nähili amala aşyrylýar?

Paýlar umumy bahasy 350 müň manatdan az bolmdyk we azyndan 5 müň sany mukdarda çykarlyp bilner.

Obligasiýalar üçin talaplar aşakda görkezilýär we olaryň umumy bahasy azyndan 35 müň manat we mukdary azyndan 100 sany bolmalydyr.

Kompaniýa aşakdaky ölçeglere laýyk gelmelidir:

  • Kompaniýa kanunda bellenilen tertipde hasaba alynan we azyndan bir ýyl işini amala aşyrýan bolmaly. Şol bir wagtyň özünde kompaniýa batyp galmak, ýatyrylmak, gaýtadan gurmak ýagdaýynda bolmaly däldir;
  • kompaniýanyň özüniň maýa serişdeleri 1 050 000 manatdan az bolmaly däldir. Dolanyşygyň we girdejiniň artmagy has gowudyr we kompaniýa karz alan bolsa şol karzlaryň tölegi gijä galmaly däldir;
  • sanaw döwründe kompaniýa açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrülmelidir.

Gymmatly kagyzlar bazary maliýe we karz ulgamynyň aýrylmaz bölegi hökmünde döwlet tarapyndan düzgünleşdirilip, onuň esasy maksady maýadarlaryň bähbitlerini bikanun hereketlerden goramak bolup durýar.

Gymmatly kagyzlar bazary – bu emitentleriň öz işlerini ösdürmek üçin goşmaça serişdeleri çekmäge, maýa goýujylar (fiziki we ýuridiki şahslar) üçin bolsa şahsy ýa-da erkin serişdelerini saklamak we köpeltmek üçin mümkinçilikdir. "Aşgabat gazna biržasy" ÝGPJ 2016-njy ýylda esaslandyryldy we ol Türkmenistanda maýa goýum bazaryny emele getirmekde öňdebaryjylaryň biri hökmünde işini amala aşyrýar.

Şu ýyl Türkmenistanyň gazna bazarynyň taryhynda ilkinji gezek umumy bahasy 16 million manada deň bolan korporatiw obligasiýalar ygtyýarly edara tarapyndan hasaba alyndy. Bu obligasiýalar “Mary-Deri-Aýakgap” we “Lebapetönümleri” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetlerine degişlidir. Häzirki wagtda bu obligasiýalary ýerleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Nedir Agabaýew,

USAID-yň Türkmenistanda işewürlik gurşawyny ösdürmek baradaky taslamasynyň (FIG) we "Aşgabat gazna biržasy" ÝGPJ-nyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça milli bilermeni

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022