Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýada bolup geçen ýer süýşgüni zerarly gynanç bildirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýada bolup geçen ýer süýşgüni zerarly gynanç bildirdi
Gruziýanyň “Şowi” şypahanasynyň çäginde alnyp barylýan halas ediş işlerinden bir pursat (Surat: DHA)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwilä “Şowi” şypahanasynyň çäginde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna hem-de weýrançylyklara getiren ýer süýşgüni zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi.

TASS agentliginiň habar bermegine görä, Gruziýanyň “Şowi” şypahanasynyň çäginde 3-nji awgustda bolup geçen ýer süýşgüni zerarly 18 adam wepat boldy we 16 adam dereksiz ýiten diýlip hasaplanylýar.

Şeýle hem ýer süýşgüni zerarly köprülere, ýollara, syýahatçylyk kottejlere we “Sunset Shovi” myhmanhanasyna zeper ýetdi. “Şowi” şypahanasynyň çäginde bolup geçen ýer süýşgüni zerarly wepat bolanlaryň hatyrasyna 7-nji awgustda Gruziýada ýas yglan edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022