“Türkmenenergo” bilen DABS Hyratdaky podstansiýa elektrik energiýasyny ibermegi maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenenergo” bilen DABS Hyratdaky podstansiýa elektrik energiýasyny ibermegi maslahatlaşdy
“Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen Owganystanyň DABS kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyk (Surat: DABS)

Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasy (DABS) “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň resmi wekilleri bilen Hyratdaky “Nur-ul-Jahad” podstansiýana elektrik energiýasyny ibermek taslamasynyň tehniki taraplaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin duşyşyk geçirdi. Bu barada DABS energiýa kompaniýasy sişenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň gün tertibinde resminamalary taýýarlamak, howpsuzlyk, ätiýaçlandyryş we beýleki tehniki taraplar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

DABS energiýa kompaniýasynyň habaryna görä, tehniki sessiýanyň netijeleri boýunça taraplar tekliplerini we pikirlerini hödürlärler.

Owganystanyň DABS kompaniýasy Türkmenistandan Hyratdaky “Nur-ul-Jahad” podstansiýana elektrik energiýasyny ibermek taslamasynyň ýurduň demirgazyk-günbatar zolagyndaky elektrik üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleri aradan aýyryp biljek möhüm taslama hökmünde görülýändigini we kompaniýanyň bu taslamanyň gysga wagtda başlamagyny goldaýandygyny nygtady.

Şu ýylyň iýul aýynda Owganystanyň DABS kompaniýasynyň resmileri häzirki wagtda kuwwaty 1000 MWt bolan “Merkezi Aziýa-Günorta Aziýa” (CASA-1000) elektrik stansiýasy we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisi boýunça taslamalaryň üstünde işlemek üçin tagallalaryň edilýändigini aýtdy. 

2022